
Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabat iri sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu sport çäreler bolsa berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzdaky iri sport çäreleriniň ýene biri bolar.
Sportuň başa-baş söweş sungatynyň göreş görnüşi asyl türkmeniň ganynda bar diýsegem bolar. Geçmişe ser salsak, türkmen pälwanlarynyň hiç wagt göreşde yzda oturmandyklaryny bilmek bolýar. Häzirki wagtda hem türkmen türgenleri başa-baş söweş sungatynda özleriniň tutanýerliligi, başarjaňlygy, çeýeligi bilen tapawutlanýarlar. Bu geçmişde-de, häzirki wagtda-da şeýle.
Ussat pälwanlarymyzyň sportuň bu görnüşi boýunça islendik ýaryşy alsaň-da, baýraksyz gelen ýerlerine gabat gelmersiň. Şu ýylyň iýun aýynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda-da pälwanlarymyz hormat münberine çykmagy başardylar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň şaýadydyr.
Başa-baş söweş sungatynyň bir görnüşi hem Kuraşdyr. Bu sport görnüşiniň dörän mekany Özbegistan hasaplanylýar. Irki döwürlerde bu göreş toý-baýramlarda pälwanlaryň tutluşmagy arkaly geçirilipdir. Kuraş oýny erjelligi, başarjaňlygy, çalasynlygy talap edýär. Bu oýun ilki-ilkiler goranmagyň bir görnüşi bolupdyr. Wepalylygyň keşbini görkezýän kuraş oýny «adalatly ýeňmek» diýen ýörelgä eýerýär.
Kuraş boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleri öz ussatlyklaryny görkezýärler. Geçen ýyl Russiýada «Aziýanyň çagalary» ady bilen sport oýunlarynyň bäsleşiginde türkmen türgenleri diňe sportuň kuraş görnüşi boýunça 7 medala mynasyp boldular. 2022-nji ýylda Kuraş boýunça Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda hem türkmen türgenleri asylly däbe eýerip, hormat münberine çykmagy başardylar. Bu görkezijiler tûrkmen sportunyň dünýäde barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.
Şu ýylyň altyn güýzünde Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçirilmegi ýönelige däl. Çünki Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen binalaryň bolmagy, halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik döredýär. Kuraşyň janköýerleri hem bu sport baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Ilaman ÖWEZOW,
Saýat etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi.



