Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara hünär ýaraşýar

28-07-2023 / 8

Bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Her täze okuw ýylynda ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň açylyp ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi däbe öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky görkezmesine laýyklykda, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde her ýylda birnäçe hünärlerdir taýýarlyk ugurlarynyň girizilip, ozal bar bolanlarynyň üstüniň ýetirilmegi bilen, talyplyga kabul edilýän dalaşgärleriň sany hem artyp, ýaşlaryň ylym dünýäsine aralaşmagyna uly mümkinçilik döreýär. Şu okuw ýylynda açylan 35 hünäriň aglabasynyň milli ykdysadyýetimiziň ulag-aragatnaşyk, obasenagat, telekeçilik, gurluşyk, maliýe-ykdysadyýet hem-de maglumat tehnologiýalary ýaly geljegi uly ugurlary bilen bagly bolmagy agzalan toplumlarda işleri kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň täze okuw ýylynda diňe bir täze hünärleriň däl-de, täze ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň açylandygyny hem bellemelidiris. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurulmagy ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň üstüni ýetirdi.

Dilber BÄŞIMOWA,
Hojambaz etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu