Žurnalistiň sahypasy

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

28-07-2023 / 12

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak ýurt berkararlygyndan, il agzybirliginden nyşan bolup, 18-nji iýulda paýtagtymyz Aşgabatdaky Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu meselä aýratyn üns çekildi.

Türkmen halky toý tutanda-da, döwletli tutuma oň bolsun edende-de il-halka geňeş salýar, maslahat çagyrýar. Halk bilen geňeşilip anyk netijä gelinýär. Bu bize taryh sahypalaryndan mälim bolup, pederlerimiziň şol mizemez durmuş ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowamat-dowam tapýar. Hususan-da, döwletli ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň jemgyýetçilik-syýasy aňyýetiniň süňňüni düzüp, onuň mazmunyny Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişen döwründe yglan eden «Döwlet adam üçindir!», «Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna» diýen şygarlary emele getirýär, ruhlandyryjy güýje öwürýär.

«Ata alkyşy — altyn», «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar» diýilýär. Bu jümleler türkmenleriň ýaşuly nesle hormat goýmak edebiniň mizemän gelýändigini alamatlandyrýar. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek bilen bagly Karara gol çekmegi ýaşulularyň döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekilýändigini, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda, döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesiniň peýdalanylýandygyny görkezdi.

Şonuň ýaly hem bu mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlary kabul edildi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi. Kabul edilen taryhy çözgütleriň dolandyryş ulgamynyň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde ähmiýetiniň uly boljakdygyny buýsançly bellemek gerek.

Jennet SAPAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy, Daşoguz şäher Halk Maslahatynyň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu