
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Bu şäher berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr
Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk täzeçil gurluşyk taslamasynyň, “akylly” şäher konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde emele gelen ekologik taýdan arassa we owadan şäheriň ýurdumyzyň möhüm ylym-bilim, medeni, halkara merkezine öwrülmegi, oňa kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýetilen beýik sepgididir, uly üstünligidir.
Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny esaslandyryjy we bu taslamanyň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen täze şäher IT tehnologiýalaryň we häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň nusgasyna öwrüldi. Ol dünýäniň şähergurluşyk maksatnamasynyň we milli binagärlik ýörelgeleriniň täzeçil meýillerini özünde jemleýär.
Milli medeniýetiň ösdürilmegi ylmy-tehniki ösüş bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde bu ugurda ýetilen sepgitler öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar işjeň ulanylan “akylly” şäher konsepsiýasyna gulluk edýär. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanylanda, amatly şäher gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýän täzeçil çözgütleriň göz öňünde tutulmagy Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Şäheriň taslamalaryny taýýarlamak işlerine talyplaryň işjeň çekilendigini hem bellemeli. Olar täze görnüşdäki şäheriň gurluşygyna mynasyp goşant goşdular. Munuň özi dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmak arkaly Türkmenistanyň ylmy-tehnologik we intellektual mümkinçiliklerine esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulynyň işlenip taýýarlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Nurýagdy REÝIMOW,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.



