
Noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty berkarar döwletimiziň adyny jahana ýaýjak iri çäreleriň ýene biri bolar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu iri çempionaty geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Kuraş – türki halklaryň başa-baş söweş sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Gazak dilinde «kures», gyrgyz dilinde «kureş», tatarça «köräş», başgyrt dilinde «köräş», özbekçe «kuraş», çuwaş dilinde «kereşu», azerbaýjança «güläş», türkçe «güleş» diýlip atlandyrylýan kuraşyň şol halklaryň milli däp hökmünde ykrar edilen sport görnüşidigi internet çeşmelerinde habar berilýär.
Doganlyk türki halklaryň birnäçesinde biri-birinden biraz tapawutlandyrylýan sportuň bu görnüşini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, 1948-nji ýylda Başgyrdystanyň çäginde köräş boýunça çempionat geçirildi. 1980 — 1990-njy ýyllarda Özbegistanyň belli türgeni Komil Ýusupow kuraşyň halkara düzgünlerine laýyk gelýän görnüşini işläp düzýär. Şonuň netijesinde 1998-nji ýylda Daşkent şäherinde Aziýanyň, Afrikanyň we Ýewropanyň 28 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara kuraş Assosiasiýasy döredilýär. 1999-njy ýylda bolsa, şol şäherde kuraş boýunça ilkinji dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa 48 ýurtdan wekiller gatnaşýar.
Bu sport oýnuna bolan gyzyklanmanyň ýylsaýyn artyp başlamagy garaşylýan netijäni hem berdi. 2003-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 22-nji mejlisinde kuraş resmi sport görnüşi hökmünde tassyk edildi. Şonuň netijesinde-de kuraş oýny Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
2010-njy ýylda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirildi.
Sportuň özbaşdak görnüşi bolan kuraşyň saglygyňy berkitmekde, bedeniňi fiziki taýdan taýýarlamakda we taplamakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Güýçlüligi, edermenligi we çydamlylygy terbiýeleýän göreşiň bu görnüşi bilen türkmenleriň ata-babalarynyň-da meşgul bolandyklary aýdyňdyr. Sebäbi türki halklaryň içinde sungaty, medeniýeti we gadymylygy tarapdan türkmenleriň görnükli orun eýeleýändigini taryhy çeşmeler subut edýär. Ýurdumyzda göreşiň, şol sanda kuraşyň hem janköýerleri juda köp. Noýabr aýynda olara ajaýyp sport baýramçylygy garaşýar.
Döwran ATAÝEW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň basketbol boýunça tälimçi-mugallymy.



