Žurnalistiň sahypasy

Daşary ýurt dilleri mekdebe çenli çagalar edaralarynda

Bilim işgärleri awgust usuly-amaly okuwlaryna we maslahatlaryna tarap...

22-07-2023 / 69

Mälim bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary ilkinji bilim basgançagy bolup, bu ýerde ýurduň ýaş nesilleri bilimler dünýäsiniň täze belentliklerine tarap badalga alýarlar. Çagalar baglarynda körpe nesliň sagdyn, hemmetaraplaýyn terbiýeli, sowatly keşbini kemala getirmek ugrundaky işler milli bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleri bilen baglylykda alnyp barylýar. Bu ýerde degişli maksatnama esasynda guralýan sapaklar häzirkizaman usulyýetinde geçirilýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna hem aýratyn orun degişli bolup durýar. Şoňa görä-de, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrmak maksady bilen, innowasion bilim tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden ýerlikli peýdalanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil baýlyklary ösdürilýär.

Daşary ýurt dilleri sapaklarynda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda duýga täsir ediş serişdelerini, yşyk, ses, saz bezeglerini peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki çagalar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly çagalaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär. Olaryň öwrenen sözleri, sözlemleri söhbetdeşlikler, çykyşlar, oýunlar arkaly berkidilýär.

Mekdebe taýýarlanylýan körpeler bu döwürde eýýäm rus we iňlis dillerinde goşgy bentlerini aýtmagy, sözleri düzmegi, özleri bilen tanyşdyrmagy başarýarlar. Munuň özi çagalar bakja-baglarynda guralýan daşary ýurt dilleriniň öňdebaryjy iş usulyýeti arkaly kämilleşdirilýändigini, daşary ýurt dili mugallymlarynyň tejribesiniň artýandygyny görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde degişli döwlet maksatnamalaryndan, okuw meýilnamalaryndan we beýleki resminamalardan ugur alnyp sapaklary maksadalaýyk derejede guramak ugrunda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem mynasyp işler durmuşa geçirilýär.

Çagalaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşikleri guramak, hepdelikleri geçirmek, göreldeli sapaklary geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek we usuly kömek bermek işleri netijeli alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim-terbiýeçilik işini ýokarlandyrmaga üns berýän we ýaş nesliň ähli babatda kämil kemala getirilmegi ugrunda mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys. Dünýä dillerini öwrenip, parahatçylyk ýoly bilen ak geljege gadam basmaga ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Jemal ATAÝEWA,
Mary  şäherindäki 47-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, TDP-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu