Žurnalistiň sahypasy

Durmuş filosofiýasynyň kämil beýany

18-07-2023 / 11

Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri akyl-paýhas gudratyny, Watana, halka bolan belent söýgini özünde jemlän kämil eserdir.

Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» ýaly eserleriniň logiki dowamy diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki täze eser «Ömrümiň manysy — il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan — enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy» hem-de «Ömrüňiz uzak bolsun!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda beýan edilýän garaýyşlar okyjyny döwletli döwranymyz, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýar.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eser garalýan meseleleriň köpdürlüligi, diliniň baýlygy we düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň, filosoflaryň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda hormatly Arkadagymyzyň öz ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüş menzilleri beýan edilýär.

Milli Liderimiz täze kitabynda: «Ömrümiň manysy — il-halkym» diýip belleýär. Bu jümlede «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen halk parasady ör-boýuna galýar. Şundan ugur alsaň, bu eser ömrüniň manysyny diňe il-halky bilen baglanyşdyran beýik Ynsanyň ýürek sözüdir. «Bizde dünýäniň adamlar tarapyndan saýlanyp-seçilen ýedi täsinliginiň hiç biri ýok, emma biziň topragymyzda dünýä alymlarynyň, jahankeşdeleriniň, syýahatçylarynyň we syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekip bilýän gudrat bar. Şol gudraty döwrüne we geljegine buýsanýan agzybir il döredip bilýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň jebisligine ýokary baha berýär. «Ilim abat — özüm abat», «Ile sygan — il bolar», «Ilini sylan beg bolar» diýen parasatly pederlerimiziň «il bilen il bolmak» ýörelgesi kitabyň bütin süňňünden eriş-argaç bolup geçýär.

Gurbangözel RAHMANOWA,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu