
Ata-babalarymyz öz nesillerine toprak, ene ýer barada ençeme paýhasly sözleri miras galdyrypdyrlar. Olar umman ýaly giň we çuň manysy bilen seniň göz öňüňde bütin dünýäni janlandyrýar. Şondan bolsa gerek, obada doglup kemala gelen her bir adamyň özüni bilip, ilkinji sygynýan gudraty ene ýer bolup durýar. Ol sahy topragyň idegini kemsiz ýetirip, oňa uly umyt bilen tohum taşlaýar. Şeýdip, ýerden göwün diýen hasylyny alýar. Göräýmäge köp hysyrdyny talap edýän bu pişe hem-ä gyzykly, hem-de peýdaly. Halal zähmet bolsa, daýhana arassa girdeji getirýär, onuň eli uzadan ýerine ýetip, baýap başlaýar.
Bu günki gün daýhanyň törüni çuwal-çuwal mäşdir noýba, bugdaý, akja tüwi, käşir, kelem bezeýär. Onuň saçagynda bolsa adyn tutan zadyň bar. Iň guwandyrýan ýeri, şol önümleriň ählisi türkmeniň sahy topragynda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen önümler.
Her ýylyň öz rysgy bar. Daýhan yhlasynyň ýerine düşmeginde topragyň ýagdaýynyň, tohumyň hiliniň, suwdur döküniň göwnejaý berilmeginiň, bejergi işleriniň aýny wagtynda geçirilmeginiň we başga-da birnäçe oba hojalyk usullarynyň täsiri uly. Elbetde, «häh» diýeňde «mäh» diýlip, dessine goldaw berilýän ýerde zähmet çekmegiň özi-de uly lezzet. Bu türkmen daýhanynyň ekin ekmek ýa hasyl ýygnamak bolsun, parhy ýok, işe girişende, dogum bilen girişişinden hem bildirýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, azyk howpsuzlygyny üpjün edýän oba hojalygyna hem aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda milli maksatnama laýyklykda, ýokary hilli, halkara ülňülerine laýyk gelýän, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa döwrebap önümçilikleri döretmek, oba hojalyk önümleriniň import edilýän möçberini azaldyp, eksporty artdyrmak, oba hojalygynyň tehniki binýadyny berkitmek, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýokary hilli geçirmek…ýaly daýhan üçin wajyp bolan ençeme çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň tutan beýik tutumlary, şol tutumly işleri rowaç etmekde ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz dur.
Sahyjemal SAPARMYRADOWA,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



