Žurnalistiň sahypasy

Milli ykdysadyýetimizde sanly ulgam

11-07-2023 / 8

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde sanly ulgam dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanylýar.

Sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstünlikli dowam etdirmek bilen, öz çykyşlarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýar.

Bu babatda ýaňy-ýakynda uly dabara bilen açylan Arkadag şäheriniň «akylly» şäher gurluşygyna esaslanan mümkinçiliklerini mysal getirmek buýsandyryjydyr. Gysga wagtyň içinde bina edilen «akylly» şäherde döwrebap «akylly» şäherden talap edilýän howpsuzlyk, «ýaşyl» şäher, «akylly» ulag ulgamynyň, «akylly» gaz, suw we elektrik ulgamlarynyň hem-de «akylly» şäher hyzmatlarynyň ählisi kemala geldi.

Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň milli ykdysadyýete ornaşdyrylmagy «Türkmenistanda 2019–— 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Bu Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly esasy wezipeler tapgyrlara bölünendir. Onuň birinji tapgyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýady, sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Sanly bilim portallary özünde elektron resminamalary, elektron poçta, uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, okuw kitaplaryny, okatmagyň elektron serişdelerini jemleýär.

Sanly ykdysadyýetiň işgärleri taýýarlamagyň täze derejesini talap edýändigini nazara alyp, ýurdumyzda sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, zerur çäreler durmuşa geçirilýär. 

Orazgeldi ARANOW,
Ýagşygeldi Kakayew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu