Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä ilat güni her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýär. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjy Geňeşi tarapyndan 1989-njy ýylda döredilendir. Senäniň hut şu günde baýram edilip saýlanmagynyň sebäbi, 1987-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýä ilatynyň bäş milliard adama ýeten takmynan senesi bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Bütindünýä ilat güni, maşgalany meýilleşdirmegiň ähmiýeti, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygy we adam hukuklary ýaly ilatyň dürli meseleleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmagy maksady bilen bellenilýär.
Alymlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde eden çykyşlaryna görä, dünýä ilaty her 14 aýda takmynan 100 million köpelýär. Dünýä ilaty 2016-njy ýylyň 6-njy fewralynda 7,400,000,000-e ýetipdi. 2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde bolsa dünýä ilaty 7,500,000,000-e barabar boldy. Dünýä ilaty 2019-njy ýylda 7,700,000,000-e ýetdi.
Bu maglumatlar ähli ýurtlaryň hasabatlary tarapyndan köpeldilip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen köpçülige ýetirilýär.
Şasenem HAÝTBAÝEWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.