Žurnalistiň sahypasy

Çagalarda tebigata söýgi döredýäris!

10-07-2023 / 44

Tebigata söýgi bilen seredip, ony has-da gülzarlyga öwürmek işine halkymyz örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Geçen ýyllarda ýurdumyzda tebigaty goramak bilen baglanyşykly köp çäreler durmuşa geçirildi, möhüm kanunlar, kararlar kabul edildi.

Kabul edilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasy» we beýlekiler uly orun eýeleýär. Şeýlelikde, şu resminamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň çar künjeginde berjaý edilýän işler düýpli netijelere eýe bolýar.

Aral deňziniň suwy çekilen ýerlerden göterilýän duzly tozanlaryň ýaýraýan ýerlerinde  ekologiýa abadançylygyny döretmek üçin hormatly Prezidentimiz dünýä möçberinde ähmiýetli we nusgalyk teklipleri öňe sürüp, geljegi aýdyň ekologik işleri durmuşa geçirýär. Şol tekliplere laýyklykda häzirki wagtda Araly halas etmek, has takygy Aralyň töwerekdäki gurşawa zyýanly täsirini peseltmek üçin tebigatyň öz kada-kanunlaryna esaslanylýar. Deňziň täsiri bilen şorlan ýerlerde şol ýeriň howa we toprak şertlerine mahsus ösümlikleri ekip, gyrymsy, ýarym gyrymsy ösümlikler bilen jeňňellikleri döretmek esasy maksatlaryň biridir. Bu maksadyň netijesinde ösümlik örtügi bilen baýlaşan ýerlerde tozanly duzlaryň göterilmesi ep-esli peselip, wagtyň geçmegi bilen toprak emele geliş prosesi netijesinde duzly tozanlaryň göterilmesi doly ýatyşar we bu ýerleri biodürliligi has baýlaşar.

Elbetde, bu barada aýdylanda, uzak Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagyny, çölüň jümmüşinde «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň we Daşoguz welaýatynyň Bötendag sebitinde uly tokaý zolagynyň döredilmegini, şäherdir obalarymyzyň çäklerinde, töwereklerinde bag-bakjaly meýdanlaryň has köpeldilmegini we beýleki çäreleri anyk delil hökmünde görkezmek bolar.

Eziz Di­ýa­ry­myz­da eko­lo­gi­ýa­ny we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ug­run­da alnyp ba­rylýan özgertmeleri wagyz etmek boýunça çagalar bagymyzda hem degişli işleri geçirýäris. Ýaz we güýz aýlaryn­da geçirilýän äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­laryna işjeň gatnaşýarys. Öz ýyllyk meýilnamalarymyz esasynda tebigat burçumyzy baýlaşdyrýarys. Çagalary tebigata aýawly çemeleşmäge çagyrýarys. Munuň özi tebigata wepaly nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Gurbanjemal GURBANDURDYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu