Žurnalistiň sahypasy

Akyldar şahyryň watançylyk kelamy

05-07-2023 / 12

«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Eziz Watanymyzyň binýady gaýym guruldy.

Bugdaý ýaly sünnäli setirleri bilen ýürekleriň töründen orun alan Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagyny tüýs ýüreginden arzuwlap:

– Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

diýen setirleri döredipdir.

Hyýalynda Zeminiň myhy ýaly sarsmaz türkmen binasyny guran akyldar şahyrymyz il-halkyň derdi bilen ýaşaýan şahsyýet bolansoň, berkarar döwletli bolmak arzuwy onuň hemişelik hemrasy bolupdyr. Şahyr, il içinde aýdylyşy ýaly, «öz-özi bilen söhbet gurupdyr». Okan eserlerinden, alan terbiýesinden, gözüniň görüp, akylynyň kesdiginden Watan gymmatyny kesgitläpdir. «Ýel bile» goşgusynda bu ahwal şeýle suratlandyrylýar:

– Göz, köňül, dil, akyl − galdy bu dördi,
Jan watan arzuwlap, turdy ýel bile.
Terhosym bar, gel, terk etme bu ýurdy,
Eşret sürgün, söhbet gurgun gül bile.

Emma şol zamanada il-halkyň ýagdaýy şahyryň arzuwlara ýugrulan şygyr setirlerindäki ýaly däl. Emin-erkin oturan iliň ykbalyna hyrydar göz bilen seredýänler tapylypdyr.

Ine, hut şu ýerde-de şahyryň hakykat terezisinde adam mertebesini kesgitleýän setirleri döräpdir:

– Goç ýigide toýdur-baýram
Her iş gelse il biläni.

«Gara daşdan aýrylsa» goşgusynda Watan mertebesini merdanalyk bilen goraýan hem ondan ýüz öwürýänleri adalatlylyk bilen aýyl-saýyl edipdir:

– Ýurt derdine gider ilde merdanlar,
Namart gaçyp barar, bakyň, ýaranlar.

Akyldar şahyryň arzuw eden zamanasynda ýaşaýan nesiller hut şonuň üçin hem şahyra uly sarpa goýýarlar. Şygyrlary bile halky bitewi saklamaga çalşan, il-ulsy agzybirlige çagyryp, Berkarar döwlete tarap ugrukdyrmagy başaran keremli setirleriň eýesi bu günki günde Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent derejede sarpalanýar.

Serdar EMINOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu