Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy

05-07-2023 / 8

Özüniň owadanlygy we binagärlik-şähergurluşyk babatda gaýtalanmajak keşbi bilen dünýä jemgyýetçiligini özüne çeken täze “smart-sitiniň” – Arkadag şäheriniň açylan ilkinji günlerinden halkara duşuşyklaryň, sport we medeni çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. 2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynda geçirilen “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat hem täze şäheriň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan halkara çäreleriň jemini jemledi.

Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk täzeçil gurluşyk taslamasynyň, “akylly” şäher konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde emele gelen ekologik taýdan arassa we owadan şäheriň ýurdumyzyň möhüm ylym-bilim, medeni, halkara merkezine öwrülmegi, oňa kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýetilen beýik sepgididir, uly üstünligidir.

Häzirki döwürde dünýäde “smart-siti” konsepsiýasy esasynda bina edilen tutuş şäheri ulanmaga bermäge ukyply ýurtlar köp däldir. Täze şäheriň abraýly halkara düzümleriň we guramalaryň güwänamalarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolmagy onuň häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä derejeli “merjenleriniň” biri hökmünde ykrar edilendigini görkezýär. Munuň özi şäheriň ösüşine innowasion çemeleşmeleriň we döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine bolan jogapkärçilikli garaýşynyň aýdyň netijesidir.

Şäherde häzirki zaman wideogözegçilik ulgamy, gaz, suw we energiýa üpjünçiligi, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň döwrebap serişdeleri hereket edýär. Bu bolsa gulluklaryň işine gözegçilik etmäge we hojalygy döwrebap derejede dolandyrmaga, bilim, saglygy goraýyş, beýleki möhüm pudaklarda öňdebaryjy sanly çözgütleri peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şäheriň ekologik ýagdaýyna uly üns berildi. Şeýlelikde, daşky gurşawa zyýanly galyndylary we zyňyndylary azaltmaga, geljegiň ulagy hasaplanýan elektromobilleriň hem-de elektrobuslaryň ulanylmagyna hemmetaraplaýyn ähmiýet berilýär.

Muhammetmurat NARMEDOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu