
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy we bilim edaralarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň belent sepgitleri gazanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda innowasion usulda berilýän bilim-terbiýe çagalaryň, ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeklerine täsir edýär.
Okuw sapaklarynyň interaktiw elektron tagtalaryň kömegi bilen geçilmegi ony okuwçylaryň has oňat özleşdirmeklerine ýardam berýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler gören zatlaryny has oňat ýatda saklaýarlar. Ylmyň we tehnologiýanyň barha kämilleşýän döwründe körpelere bilim we terbiýe bermek işinde innowasion tehnologiýalar esasynda okatmagy guramagy, okatmagyň hem terbiýelemegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, milli ýörelgelerimize daýanýan täze usullaryny saýlap almagy talap edýär.
Sanly tehnologiýalar okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny we şahsy ösüşi dolandyrmagy, gazanylýan üstünlikleri kesgitlemegi, olara baha bermek işini kämilleşdirýär. Çagalaryň irki ýaşdan başlap beden we akyl taýdan sazlaşykly ösüşi, terbiýe we bilim almagy, mekdebe taýýarlygy mekdebe çenli çagalar edaralarynda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli bilim edaralary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen doly üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw-tehniki enjamlaryny, interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalaryny, okatmagyň öňdebaryjy usulyýetini yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar.
Ogulnýaz ARAZMYRADOWA,
Daşoguz şäheriniň 23-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



