Žurnalistiň sahypasy

Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher

01-07-2023 / 10

Her ýaşalan ýyly üstünlikler bilen jemlemek, her täze ýyly ýagşy arzuw-umytlar, uly ynam bilen garşylamak biziň ýurdumyzda adata öwrüldi. Şu gözel durmuşyň goýnunda täze-täze wakalar, şatlykly habarlar göwün joşdurýar, berkarar döwletlilige buýsanjy artdyrýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem şeýle ajaýyp wakalardan, hoş habarlardan boldy.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 4-nji martynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzda täze şäheri — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakyndaky taryhy Karara gol çekipdi. Şondan bir aý gowrak wagt geçenden soň — 10-njy aprelde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geljegi parlak şol şäheriň düýbi tutulypdy.

Türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde — Köpetdagyň eteginde bina edilýän bu şäheriň gurluşyklarynyň taryhy zamanamyzyň derejesine laýyklykda amala aşyrylýar. Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär.

Şeýle bir zada ünsi çekmek isleýäris: bu köne dünýäde ynsanyň durmuşynda täzelikler, täzelenişler öňlerem bolup durupdyr. Biziň döwrümiz munuň juda tizleşen döwri, indi telim asyrlyk özgeriş bir demde bolup geçýär, gözüňi ýumup-açýançaň, durmuşyňy dolap alýar. Soňky birnäçe ýyly göz öňüne getirip görüň! Bir adam ömründe dagy, gör, näçe öňegitmeler, täzelenişler bolup biljek! Eýsem-de bolsa, durmuşyň şeýle okgunlylygy, ozaly bilen, Türkmenistan ýaly juda baý, şol baýlyklary akylly-başly ulanmagy başarýan, abadan ýurda mahsus ýagdaýdyr.

Şirmuhammet AMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu