
Ýaşaýyş medeniýetimiziň özgerişi, zamananyň iň uly mümkinçilikleriniň biziň halkymyz üçinem elýeterliligi bilen baglanyşykly döreýän «akylly» şäher muňa örän aýdyň mysaldyr. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we ýokary tizlikli internetiň utgaşdyrylmagyna esaslanýar, şunuň üsti bilen şäher düzümlerini, gulluklaryny takyk dolandyrmagy üpjün edýän bir bitewi ekoulgam ilatyň hyzmatyna berilýär.
Ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi: elektrobuslar, elektromobiller, «Akylly» awtoduralgalar, Gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy, häzirki zaman sanly hyzmatlar, zir-zibiller üçin «akylly» gaplar, maşgalalar üçin smartfon arkaly dolandyrylýan «akylly» ýaşaýyş jaýlary…
Çagalar baglary, orta mekdepler, başlangyç we orta hünär okuw mekdepleri, sungat mekdepleri, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk, muzeý, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, beýleki hyzmat edaralary, halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Ylmy-önümçilik merkezi, metjit, Dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, nurana köçeler, şaýollar bularyň ählisi döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder.
«Akylly» şäher — halkymyzyň ýürek emri bilen Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän şäher! Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýetlidir, ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegidir. Arkadag şäheri — döwletliligimiziň altyn şuglasydyr. Özgerişiň, bagtyň, buýsanjyň mukamydyr.
Atamyrat BABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



