
Bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, ata Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Güneşli Diýarymyzyň gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi giň düşünjeli, çuňňur ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlara baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden beýik işlere garaşýarys.
Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmekdir. Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzda ýaşlara halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim, hünär öwredýän täze okuw mekdeplerini döretmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Orta mekdepleriň başlangyç synplarynda bilimler ösdürilýär, berkidilýär we ýokary synplarda bilimler çuňlaşdyrylyp, ýaşlara durmuşda zerur boljak endikler we başarnyklar kemala getirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işläp biljek ýaş hünärmenleri, watançy, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bilim bermegiň binýady has-da berkeýär, many-mazmuny we hereket edýän möhleti boýunça öňdebaryjy tejribeler ulanylyp täze maksatnamalar ornaşdyrylýar. Umumybilim maksatnamasynyň esasy wezipesi şahsyýetiň bilimni, başarnygyny, endigini we ygtyýarlygyny ele almagyna, umumy medeniýeti kemala getirmegine, şeýle-de durmuşa uýgunlaşmaga oňyn şert döretmekden ybaratdyr. Şol maksat bilen orta mekdeplerde tebigy we taryh ylymlary, ynsanperwerlik, durmuş bilimleri boýunça düýpli bilim bermek işleri guralýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdymyzda sport we sagdynlygy ösdürmek, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek babatda hem uly işler alnyp barylýar. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny ýaşlaryň gazanýan üstünliklerinde hem görmek bolýar. Ýaşlarymyz sport, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, diňe bir ýurdymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem ýaşyl Tugumyzy belentde pasyrdatýarlar. Bu bolsa örän buýsandyryjy hem-de guwandyryjydyr. Beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Gülşat AGAJANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň müdiri.



