Žurnalistiň sahypasy

Oba hojalygynyň möhüm pudagy

26-06-2023 / 10

Häzirki wagtda welaýatlarymyzda ýyladyşhana hojalyklarynyň uly toplumy hereket edýär. Olar şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýär. Ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle-de, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak hem-de olary möwsümleýin saklamak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky edýän aladalarynyň netijesinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Täze tehnikalaryň dürli görnüşleri yzygiderli getirilýär. ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Italiýanyň meşhur kompaniýalarynyň tehnikalary gowaça, bugdaý, şaly ýaly oba hojalyk ekinleriniň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda uly güýç bolup durýar.

Ýene bir zady bellemek zerur, ýurdumyzyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda mehanizmleşdirilen işlerde sanly ulgamy synag etmek işleri ajaýyp netijeleri berdi. Sanly telematik ulgamy ornaşdyrylan «John Deere-6195M» kysymly traktorlary ekerançylykda synagdan geçirildi. Olar ýurdumyzyň toprak, howa şertlerine doly laýyk gelýär. Şundan ugur alnyp, Germaniýadan telematik ulgamy ornaşdyrylan «John Deere 6175M» kysymly traktorlaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Bu bolsa mehanizatoryň işini has ýeňilleşdirdi, onuň wagtyny tygşytlady. Telematik ulgam ýer eýeleri üçinem köp ýeňillikleri döretdi. Şeýle kuwwatly tehnikalar hereketde wagty ýurdumyzyň oba hojalygy diňe öňe gider.

Nurly TÄÇDURDYÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu