
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, içgin öwrenmekden, giňden wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we halkyň medeni derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2013-nji ýylda ilkinji gezek guralan Medeniýet hepdeliginiň häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gezekleşikli esasda geçirilýändigi bellärliklidir. Olarda halkymyzyň baý medeniýetiniň nyşany bolup, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy medeniýetimiziň gazananlaryny özünde jemleýän sebitleriň taryhy-medeni mirasy köpöwüşginliligi bilen görkezilýär. Şunuň bilen birlikde, her ýylda geçirilýän bu forum milli sungatymyzyň ähli görnüşlerini — opera we aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň özboluşly keşbini şöhlelendirýär.
Medeniýet hepdeliginiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi döredijilik forumyna aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň paýtagtynda guralýan bu sungat baýramy halkymyzy zähmet üstünliklerine, döredijilikde we sungatda ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. Döredijilik işgärleriniň öňünde milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olary şöhratly taryhymyzy hem-de sungatymyzy öwrenmäge höweslendirmek ýaly jogapkärli wezipe durýar. Türkmen halkynyň beýik pederleriniň hatarynda Magtymguly Pyraga aýratyn orun degişlidir.
Paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinden teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeý, kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler, şahyrlar, belli folklor-etnografiýa toparlary geldiler.
Medeniýet hepdeliginiň çäginde guraljak ýaş aýdymçylaryň, sazandalaryň konsertleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri, kino görkezilişleri, şygryýet agşamlary türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny açyp görkezer.
Medeniýet hepdeligi bilen birlikde, Aşgabatda geçiriljek Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi hem giň gerimli çärelere aýratyn dereje berer.
Enejan ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.



