Žurnalistiň sahypasy

Nesil hakdaky aladanyň nobatdaky nyşany

«Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023—2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy

22-06-2023 / 8

Ýurdumyzda körpe nesilleriň bagtyýar durmuşyny we hukuklaryny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmaga, olaryň kanuny namalaryna laýyklykda ykrar edilen hukuklaryny goramaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler uzak möhletli meýilnamalaryň, maksatnamalaryň üsti bilen durmuşa geçirilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023—2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanmagy munuň aýdyň mysalydyr. Çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmegi çygrynda maksatlary we wezipeleri kesgitleýän bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga  gönükdirilen şertleri  ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklaryndan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak ýaly maksatlardan gözbaş alýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň hem-de çagalaryň bähbitlerini nazarda tutýan beýleki ylalaşyklarynyň ýörelgelerini esas edinýär.

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň», «Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň»  öňde goýan wezipeleriniň üstüni ýetirýän täze Milli meýilnama geljekde hem ýaş türkmenistanlylaryň ählitaraplaýyn hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Ýurdumyzda şeýle resminamalaryň kabul edilip, meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň ak ertirleriniň mizemezligini we nesilleriň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeklerini şertlendirýär. Taryhy eýýamyň ruhunda Diýarymyzda çagalaryň hukuklaryny goramagy maksat edinýän şeýle meýilnamalaýyn işleriň milli ruhda we döwrebap häsiýetde ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyşlar aýdýarys!

Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu