
Bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugurlarynyň üpjün edilmegine, hemmetaraplaýyn ösen nesliň kemala gelmegine, çagalaryň zehinini ýüze çykarmak üçin zerur şertleriň döredilmegine döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Innowasion ösüş hem-de ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak babatda öňde goýlan wezipeler täze döwrebap çemeleşmeleri talap edýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan usullar we tehnologiýalar bilimde has ähmiýetli orny eýeleýär. Giň gerimli ösüş strategiýasynyň netijesinde innowasion sanly ykdysadyýet kemala getirilýär. Sanlylaşdyrmak bu ulgamyň innowasion ösüş usullaryny, tehnologiýalaryny, gurallaryny kämilleşdirmek bilen gös-göni baglanyşyklydyr.
Ylmy işler bilen bagly önümçiligiň üstünlikleri, durmuş ösüşi köp babatda milli bilim ulgamynyň hil häsiýetnamalary bilen kesgitlenýär. Ilatyň bilim hem-de sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak, kämil hünärmenleri taýýarlamak, ösen tehnologiýalara esaslanan önümçilikleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.
Sanly gurşawyň döredilmegi raýatlara ýokary hilli we döwrebap bilim almaga mümkinçilik döredýär. Giň gözýetimli öz ugrundan ussatlarça baş alyp çykýan mugallymlaryň, ylym-bilime höwesli ussat hünärmenleriň we höwesli talyplaryň kemala gelmegi ulgam üçin wajyp wezipe bolup durýar.
Durmuşyň dürli ugurlaryna innowasiýalar ornaşdyrylýar. Bu adamlary täze ösüşlere, bilim başarnygyny kämilleşdirmäge, dürli pudaklarda işe täzeçe çemeleşmäge atarýar. Öndürijiligi artdyrmagy, işiň täze netijeli görnüşlerini, adam isleglerini ödemegi ugur edinýän sanly ulgama geçmek esasy wezipä öwrülýär. Bilim ulgamynda hem sanly ulgam ösdürilip, ýaşlaryň bu ugurdan öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgamda ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Şeýle giň gerimli işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.
Mylaýym MURADOWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



