Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly Pyragy — sungatyň ussady

22-06-2023 / 29

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli edebi mirasymyzyň öwrenilmegine hem-de dünýä ýaýylmagyna aýratyn üns we ähmiýet berýär.

Ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan dil aň hem pikirlenme bilen aýrylmaz baglanyşykda bolup, adamzat jemgyýetiniň ösmeginde iňňän uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Biz älem-jahany söz görnüşinde beýnä ornaşdyrýarys, söz arkaly oýlanýarys. Öz oý-pikirimizi-de sözüň üsti bilen daşymyza çykarýarys. Her halk zatlary, düşünjeleri özüçe atlandyrýar. Diller halklaryň-da birini beýlekisinden tapawutlandyrýan esasy milli görkeziji hasaplanylýar.

Eserleri Jemşidiň jamyna deňelen Magtymguly – diliň nesilleri baglanyşdyrmakdaky, aňyýeti ösdürmekdäki, milleti kemala getirmekdäki hyzmatyna akyl ýetiren beýik söz ussady, öz eserinde türkmeniň ruhy dünýäsini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezen akyl dar. Dünýäni Aý-Günsüz, türkmeniň ruhy älemini Magtymgulusyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Baryp XX asyryň başynda görnükli edebiýatşynas Ý. E. Bertels Magtymgulynyň döredijiligini örän dykgat bilen öwrenmegiň, her bir sözüni saldarlap görmegiň, hakyky manysyna göz ýetirmegiň zerurdygyny nygtan eken. Beýik söz ussadynyň döredijiligi hakda köp işler edilenem bolsa, onuň dil taglymaty, nusgalyk derejesine ýeten söz ussatlygy, ene dilimizi milli edebi dil derejesine ýetirmekdäki hyzmaty entek düýpli derňewlere garaşýar. Şahyr:

Agzalalyk aýrar ili dirilikden,

Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.

– diýip nygtaýar. Agzybirlik ideýasy şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly külli türkmeniň agzyny bir etmekde, ene dilimiz arkaly milli aňyýeti kemala getirmekde uly iş bitiren beýik şahsyýet, söz sungatynyň ussadydyr.

Mahmyt Kaşgary XI asyrda, Alyşir Nowaýy XV asyrda diliň kömegi bilen ähli türki kowumlaryň agzyny birikdirmäge çalşypdyrlar. Magtymguly täze taryhy döwürde munuň mümkin däldigine düşünip, öz eserlerini dagynyk ýaşaýan türkmen tire-taýpalary düşüner ýaly, sada dil bilen ýazypdyr. Onuň eserleriniň dili, döwrüniň nogsanlyklaryny düzetmekde ylymly-bilimli adamlara bil baglan öz pederi Azadynyň eserleri bilen deňeşdirilende has düşnüklidir. Ýogsam, Magtymguly hem öz pederi ýaly arap dilini-de, pars dilini-de suwara bilipdir. Onuň eserlerinde pars, arap sözleri, hatda parsça, arapça gatyşdyrylyp ýazylan şirin-şeker görnüşli setirler-de, uýgur, garlyk, gypjak taýpa dillerine häsiýetli sözler-de, grammatik arhaizmler-de ýok däl.

Magtymguly: «Ýigit sada gerek, türkana ýagşy» diýýär. Ol halkymyzyň janly gepleşiginden ep-esli uzaklaşan ortalyk türki edebi dil bolan kitaby diliň normalaryndan ýüz öwrüp, öz eserlerine türkmen umumyhalk diliniň söz baýlyklaryny, häsiýetli grammatik aýratynlyklaryny batyrgaý girizipdir, edebi dilimizi halk döredijiliginiň diline has ýakynlaşdyrypdyr.

Magtymgulynyň döredijiliginiň diňe Gündogar edebiýatyndan däl, has köpräk türkmeniň özüniň baý halk döredijiliginden iýmitlenip, nusgalyk derejä göterilendigini bellemek bolar. Beýik söz ussadynyň dil babatdaky bu ýörelgesi özünden soňky türkmen şahyrlarynyň ençeme nesli üçin nusga mekdebi bolup geldi.

Şahyr atalar sözi-nakyllary, manydaş we garşylykly manyly sözleri, göçme manylylyk, meňzetme, deňeşdirme ýaly çeperçilik serişdelerini ussatlarça ulanyp, az sözde çuň many aňlatmagyň nusgasyny goýup gidipdir.

Söz manysyny aňmaýanlary, dile düşmezleri, nesihat ýokmazlary şahyr gury söwüde, otlap ýören mala, ýal ýagysy ite deňeýär:

Nep almaýan adam sözden, öwütden,
Enaýylygy ýokdur gury söwütden…
Söz manysyn aňmaz adam,
Bir guýruksyz ite meňzär… 

Magtymgulynyň söz ussatlygyny, türkmen durmuşynyň ensiklopediýasy hasaplanmaga doly mynasyp eserleriniň dil aýratynlyklaryny, şahyryň türkmen milli edebi dilini kämilleşdirmäge goşan şahsy goşandyny anyklamak bolsa, düýpli ylmy derňewleri talap edýär.

Magtymgulynyň eserleriniň dili bize diňe bir çuň manyly, az  hem saz sözlemegi öwretmek üçin nusga bolman, eýsem, ene dilimiziň köp stilli, ösen milli edebi dil derejesine çenli ösüş taryhyny yzarlamak üçin hem gymmatly we ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek baradaky Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzdan, şeýle-de başga döwletlerden bolan hünärmenleriň işleriniň seredilmegine badalga berilmegi, «Magtymguly Pyragy» medalynyň döredilmegi beýik akyldaryň işlerini ylmy esasda öwrenip, ony dünýäde giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýan döredijilik adamlarynyň zähmetine ýokary baha bermäge, bu işiň giň gerimde mundan beýlägem alnyp barylmagyna täzeden itergi bermäge uly ähmiýet berilýändiginiň ýüze çykmasydyr.

Türkmen halkynyň edebi mirasyny uly üns we alada bilen gurşap alan, türkmen alymlarynyň Magtymguly baradaky pikirlerine giň ýol açan hormatly Prezidentimiziň janynyň hemişe sag, başynyň belent, ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Begmuhammet ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu