Žurnalistiň sahypasy

Ynsanperwerlik gymmatlyklaryna bagyşlanan kitap

22-06-2023 / 7

«Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap halkymyzda uly buýsanç döretdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjek täze kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr.

Kitapda bellenilişi ýaly, gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine şahsy goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlarymyza ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenendir. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp ornuny eýelemäge mümkinçilik berýär.

Neşiriň sahypalarynda çagalaryň saglygyny dikeltmegiň ençeme anyk mysallary getirilýär, şeýle hem ýaş nesliň abadançylygy, bagtyýarlygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär.

Mundan başga-da, gazna Türkmenistanyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine ýörite enjamlar toplumy bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny bölüp bermek baradaky çözgüdi kabul etdi. Täze awtoulaglar degişli hassahanalara iberildi. Şeýle hem kitapda täze Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurulýandygy barada aýdylýar.

Maýa DURDYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu