
Tomus pasly howanyň çakdan aşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gün şöhlesiniň adam saglygyna belli bir derejede peýdalydygy barada hiç kimde şübhe döretmeýär. Çaganyň bedenine gerek bolan D witaminiň mukdaryny almak üçin 15 — 20 minut ýeterlikdir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da, beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese adamda keýpsizlik, ukusyzlyk we depressiýa ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Gün şöhlesiniň zyýanly täsiri A, B, C şöhlelerinden ybarat bolan ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar. Ultramelewşe şöhläniň ýer gatlagyna çenli ýetip gelýän Gün şöhlesiniň esasy bölegini A şöhleler emele getirýär. Ultramelewşe A şöhleler otag aýnalaryndan göni, eşiklerden kem-käsleýin geçýär we deriniň deriasty öýjüklerine aralaşyp bilýär. Bu şöhle derini ýakmaýar, ýöne deride duş gelýän howply täze döremeleriň we adamyň derisiniň tiz garramagyna uly täsir edýär. B şöhleleriň 70 göterimi deriasty öýjüklerine aralaşyp bilmeýär ýöne D witaminiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Bedeniň Güne ýanmagyna we deride Gün ýanygynyň döremegine getirýär. Ultramelewşe şöhleleriň içinde iň howplusy C şöhlesidir. Bu şöhle atmosferanyň ozon gatlagyndan geçmeýär we adama howp salmaýar.
Ultramelewşe şöhleler köp keselleri ýüze çykarýan mikroblara we bakteriýalara garşy täsir edýär. Howdanlarda, deňizde, ýaplarda suwa düşmek beden üçin peýdalydyr.
Şanur OTUZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.