Žurnalistiň sahypasy

Ynsanperwerligiň kämil beýany

20-06-2023 / 14

Bilşimiz ýaly, 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Şol dabaranyň öňüsyrasynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň çapdan çykandygyny habar berdi.

Kitabyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän bu gazna döredilen gününden bäri netijeli işleri alyp barýar. Onuň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlar hakyndaky aladadyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjek täze kitap “Gurplulygyň öz şertleri bar”, “Beren eliň berekedi artar”, “Durmuşyň gymmatlygy — saglyk”, “Hossarlyk — öçmez umyt”, “Howandarlyk jebisligi döredýär” diýen birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr.

Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň ruhy ýörelgesi haýyr işleri amal etmek, duýgudaşlyk, dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly asylly ýörelgelere daýanýar. Häzirki döwürde milletiň üýtgewsiz ynsanperwerlik gymmatlyklary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, çagalaryň kanuny bähbitlerini goramagyň hem-de üpjün etmegiň hukuk kepillikler toplumy bu oňyn syýasatyň anyk durmuş ugurlydygynyň subutnamasydyr. Bu ulgamda amala aşyrylýan köptaraplaýyn işler ösüp gelýän nesil barada hakyky atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Magtymguly RESULGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-­gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu