
Galla meýdanlarynda orak möwsümini üstünlikli jemlemek, galla hasylyny isripsiz ýygnamak üçin guramaçylyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylan häsiýete eýedir. Daýhanyň daban azaby, alyn deri bilen ýetişdirilen, ählumumy baýlygymyz bolan guşgursak ak bugdaýyň bir dänesini-de yrýa etmän ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Welaýat, etrap häkimlikleriniň guramagynda, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan galla meýdanlarynda zähmet çekýän gallaçy kärendeçileriň, kombaýnçylaryň, awtoulag sürüjileriň arasynda zähmet bäsleşikleri yglan edilip, ýaryşyň jemleri yzygider jemlenýär we ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryndan satyn alyp berýän täze tehnikalarynyň güýjüne daýanyp, geçen ýylyň altyn güýzünde ýokary agrotehniki talaplara laýyklykda bugdaý ekişini geçiren daýhanyň yhlasly zähmeti, mähri siňdirilip, idegi ýetirilen meýdanlarda bu gün gallanyň bereketli hasyly ýygnalýar. Häzirki wagtda kuwwatly tehnikalaryň, däne ýygýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegi netijesinde ýygnalýan hasyl harmanlary barha beýgelýär.
Kombaýnlara, bugdaý hasylyny daşaýan awtoulaglara we gaýry tehniki serişdelere iş üstünde hyzmat etmek üçin welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanalary tarapyndan döredilen toparlar ýüze çykýan näsazlyklary tiz aradan aýyrýarlar. Sürüjileriň ýag-ýangyç serişdeleri bilen iş üstünde üpjün edilmegi wagty tygşytlamaga we her bir tehnikanyň öndürijiligini artdyrmaga ýardam berýär.
Medeni hyzmatlaryň meýdan şertlerinde — düşelgelerde, kombaýnçylaryň, daýhanlaryň, awtoulag sürüjileriniň, mahlasy, möwsüme gatnaşýan adamlaryň günorta arakesmä çykan wagtynda guralmagy galla oragyna gatnaşýanlaryň arasynda ýörite ýaryşlaryň, bäsleşikleriň geçirilip, olaryň her on günden jemlenip durulmagy oba adamlarynyň zähmete bolan höwesini artdyrýar.
Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.



