
Türkmen halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletde, parahat, asuda durmuşda bolelin ýaşaýar. Biziň ýurdumyzda şol ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan özgerişlere we ösüşlere, döwletde alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyza dünýäniň syýasatçylary örän uly gyzyklanma bildirýärler hem-de türkmen halkymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamzadyň şu günki durmuşynyň zerurlyklary bilen baglanyşykly öňe sürýän tekliplerini biragyzdan kabul edýärler. Hakykatdan hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler örän düýpli we ählitaraplaýyn täsirli. Adam we onuň ömri, saglygy döwletimiziň baş baýlygy hasaplanyp, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň jan-saglygy baradaky alada durmuş syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Kabul edilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bolsa ilatyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasaty derejesine göterdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilen özgertmeler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bejeriş-sagaldyş, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýyl-ýyldan pugtalandyrylýandygy hem şaýatlyk edýär.
Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagyň saglyga oňaýly täsir edýändigini nazarda tutup açylan «Saglyk» ýollarynyň saglygy berkitmekde bimöçber gadyr-gymmatynyň bardygyna halkymyz aýdyň göz ýetirdi. Islendik jemgyýetiň kämilligi beden we ruhy sagdynlykdan başlanýar. Adam üçin başyň täjine deňelýän saglyk hemme zatdan, ähli aladalardan ýokarda durmak bilen, islendik wagt döwrüň we jemgyýetiň derwaýys meselesi bolup durýar. Şeýlelikde, adamzat ähli zadyň sakasynda saglygy goýýar. Iň esasy mesele bolsa, döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, onuň nesilleriniň geljegi hakyndaky, halkymyzyň hemişe ruhubelent ýaşamagy hakdaky aladalarydyr. Durmuşa geçirilýän işler kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeleri ösdürmek bilen, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär. Bu bolsa döwletimizde adam hakdaky aladanyň hemişe baş maksat hökmünde ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi, kämilleşmegi, dünýä derejesine çykmagy üçin ägirt uly işler alnyp barylýar. Iş ýerlerinde zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet arassaçylygynyň talaplaryny we kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek, işgärlere döredijilikli zähmet çekmek, saglygyny berkitmek üçin amatly şertleri we mümkinçilikleri döretmek babatda jogapkärçilik kesgitleýär. Ilatyň saglygyny goramak we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda uly özgertmeler durmuşa geçirildi bu işler yzygiderli dowam etdirilýär.
Şöhle JUMAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň himiýa mugallymy.



