Žurnalistiň sahypasy

Döwrüň nusgalyk şäheri

16-06-2023 / 6

Arkadag şäheri ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher bolar. Munuň üçin bolsa, şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanan wagtyndan raýatlaryň hemmetaraplaýyn zerurlyklaryny nazarda tutmak bilen, dünýä tejribesiniň ýaşaýjylar üçin iň amatly bolan ugurlarynyň biri hökmünde «akylly» şäher konsepsiýasy saýlanylyp alyndy. 

Täze şäheriň «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgesine kybap gelmegi, ilkinji nobatda, şäheriň ýaşaýjylarynyň saglygy hakyndaky aladadan ugur alýar. Bu ýörelgä aýratyn ähmiýet berilmegi Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň wezipeleri hem-de «ýaşyl» ykdysadyýetiň «akylly» şäheriň möhüm şertleriniň biri bolmagy bilen baglanyşykly. Täze şäherde munuň üçin ekologik çözgütleriň birnäçesi üpjün ediler. Şunda ykdysadyýet bilen ekologiýanyň sazlaşykly utgaşdyrylmagy, tebigata hem-de adam saglygyna zyýan ýetirip biljek şertleri döwrebap ekologik taslamalar bilen çalyşmak işleri ýokary derejede ýola goýlar. 

Arkadag şäheriniň dürli maksatly edara binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda bitewi baglanyşygyň üpjün edilmegi şäher dolandyryş ulgamyna raýatlaryň işjeň gatnaşýandygyny, beýleki bir tarapdan bolsa, «akylly» şäher hökmünde maýa goýumlaryň agramly böleginiň aýratynlykda her bir adamyň, şeýle-de tutuş jemgyýetiň bähbidine gönükdirilýändigini aňladýar. Şular bilen birlikde, maýa goýumlarda jemgyýetçilik ulaglarynyň we maglumat tehnologiýalarynyň hem paýy uludyr. Çünki bu ugurlar raýatlaryň her günde peýdalanýan hyzmatlarydyr. Arkadag şäheriniň düzüminde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň, sanly ulgam esasynda işlejek hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň, şeýle-de ýokary hilli aragatnaşyk üçin 3G, ýokary tizlikli internet zerurlyklary üçin bolsa 4G aragatnaşyk ulgamlarynyň, merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagyny döretmegiň meýilleşdirilmegi aýdylanlara delil bolup biler.

Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyjy bilen giň goldawa eýe bolan ýörelgeler häzirki zaman innowasiýalaryny öwrenmäge, ony milli şertler bilen baglanyşdyrmaga ýol açdy. Ylmy işlerdir taslamalar bilen önümçilik ulgamlarynyň özara aýrylmaz baglanyşykda bolmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitleýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary ýurdumyzda «akylly» şäheri häzirki zaman derejesinde gurmaga esas berdi.

Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu