
Türkmen halky baş saglygy bilen saçaklaryň mele-myssyk çörekden doly bolmagyny durmuşda iň esasy baýlyk hasap edýär. Ol bize paýhasly ata-babalarymyzdan miras galan, hiç haçan möwritini geçirmejek, geçirmedik gymmatly düşünje. Hut şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy esasynda, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyna-da aýratyn uly üns berilýän ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi.
Bugdaý — türkmen topragynyň bereketli hasyly, «uly iliň soltany». Halkymyzda bugdaý bilen bagly «Çäjiňe bereket!», «Harmanyňa bereket!» diýen ýaly arzuw-dilegler aýdylýar. Bugdaýyň gözüňi gamaşdyryp barýan tyllaýy şuglasynyň ýaýlyp ýatan giňişligi keremli topragyň bereket desterhanydyr. Çörek bolsa diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşi-de hasaplanýar. Arzyly myhman ýönelige duz-çörek bilen garşylanmaýar. Ýakyn adamyň uzak ýola çöreksiz ugradylmaýar. Bular halkymyzyň asylly dessurlarydyr, asyrlardan gözbaş alýan däpleridir. Bu däpler häzirki döwürde diňe bir dowam etdirilmän, täze many-mazmun bilen hem baýlaşdyrylýar.
Bugdaýly pelleri synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly aganyň «Köp ekeliň dänäni!» diýen şygry biygtyýar hakydaňa gelýär. Bu goşgy Beýik Watançylyk urşunyň kynçylykly günlerinde adamlarda ýeňşe, ertirki gowy günlere ynam hem ruhubelentlik döredipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyza gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda şeýle nakyllar bar: «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy», «Bugdaýy bolmadygyň ýagdaýy bolmaz». Şeýle jaýdar meňzetmeler bugdaýyň we ondan öndürilýän önümleriň halkyň durmuşynda eýeleýän ornuny görkezýär.
Altyn başly, ak bugdaýly peller, göýä, umman ýaly çaýkanyp ýatyr. Halkymyz bu keramatly ekine mydama sežde edipdir. Türkmen daýhanynyň bugdaý ekmedik wagty bardyr diýip aýdyp bilmeris. Sebäbi galla — ýaşaýyş, galla — durmuş, galla — dowamat-dowama şert döredýän mukaddeslik. Heniz çaga wagtlarymyz ujypsyzja mellek ýerini künde bilen sürüp, bugdaý tohumyny sepen, görgi baryny görüp, ýetişdiren bugdaý hasylyny eli bilen orup, eşekdir at, öküz bilen döwüp, kynçylyk baryny görýän daýhany gözümiz bilen görüpdik. Onsoň, şeýle ösen tehnikaly döwürde zähmet çekýän daýhany göreniňde, neneň guwanmajak!
Çemengül AÇILOWA,
TKA-nyň Dänew etrap birleşmesiniň hünärmeni.



