
2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik zehinli ýaşlary – alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam berip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir.
Bu bäsleşige Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler.
Özleriniň çykyşlary bilen tapawutlanan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk kafedrasynyň öwreniji mugallymy Gülsenem Hommadowa we Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Arslankerim Kerimow hem bu bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular.Ýeňiji bolan ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Akjagül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň laboranty.



