
Ynsanyň iň süýji, iň gadyrly gymmatlygy onuň perzendi. Ynsanyň dowamy, geljegi hasaplanylýan perzendiň terbiýesi onuň özi ýaly gymmatly we möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ykbalyň eçilen bagty ynsana berlen zatlaryň gadryna ýetmekdir.
Çaga ene garnynda kemala gelen gününden onuň terbiýesi hem kemala gelýär. Enäniň rahatlygy, asudalygy, ýeterlik iýmitlenişi, daş-töweregi bilen aragatnaşygy, gürleýän we diňleýän gürrüňleri, görýän zatlary çaga öz täsirini ýetirýär. Çaga dünýä inen gününden başlap, ilkinji gözi düşen keşbi ejesi bolup, onuň ýyly mähri gurşap alan dünýäsinde ömür sürmäge başlaýar. Ata-enesiniň mähir ojagyndan ýaşaýşyny ol jemgyýetçilik ýerlerinde dowam edýär. Belli bir ýaşa ýetende çagalar bagy, ondan soňra orta mekdep, ýokary okuw jaýlary umuman durmuş basgançaklaryna münüp adamzat ömrüniň dowamatyny emele getirýär.
Ata-ene terbiýesinde üns bermeli zatlar: ata-ene öz aralarynda agzybirligi, düşünişmegi, bir-birege sylaşykly, söýgi bilen aragatnaşyk saklamagy başarmaly. Çaganyň ýanynda öý meselelerini açyk gürleşmezlik, ähli zatlary gadyrlamagy, öý işlerini öwretmeli, çaga sorag bilen ýüzlenende ýaltanmazdan olara düşnükili jogaplary bermekleri, maşgala agzalary, özlerinden ulular bilen sylaşykly gatnaşyklary saklamagy öwretmeli. Bir ýere baranynda ilki salam bilen ýüzlenip, soňra esasy tema geçmekligi, ýolda-yzda özünden ululara salam bermekligi ilkinji nobatda öwretmeli. Çaga öwretmegiň altyn açary bolsa şol häsiýetleriň ata-enäniň özünde jemlenmegi. Çünki çaga näçe aýdyber ol görýän zadyndan tiz terbiýe alýar. Görýän, eşidýän zatlary onuň terbiýesiniň binýady bolýar.
Çagalar bagynyň terbiýesi: bu ýerde çagalar jemgyýete goşulmak arkaly daş-töweregi bilen aragatnaşygy, köpçülige garyşmagy, tanyş-bilişlik, täze dostlar, joralar tutunmagy, özbaşdak naharlanmagy, wagtly-wagtynda ýatmagy, dürli oýunlar bilen ýeňmek we ýeňilmek düşünjelerine eýe bolmagy öwrenýärler. Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp, köpçülik bilen sahnalara çykmagy, çaganyň dünýägaraýyşynyň giňemegine jemgyýete goşulmagyna mümkinçilik berýär. Çagalar bagynda mundan başga-da milli oýunlar arkaly çagalary milli däp-dessurlara baý medeniýetimizi öwrenmäge şert döredilýär. Şonuň üçin çaga terbiýesinde onuň töweregindäkileriň ählisi ünsli bolmaly. Çaganyň başlangyç terbiýesi geljegimiz üçin has wajypdyr.
Sähra GARLYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.



