
Bilşimiz ýaly, 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.
Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün edýär.
Birleşen Milletler Guramasy bu gezekki Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2022-nji ýylda Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen baglanyşykly tagallalarynyň we bu forumda kabul edilen Jemleýji Beýannamanyň ähmiýetlidigine kanagatlanma bildirdi.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Agamyrat MYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



