Žurnalistiň sahypasy

Daşky gurşaw bilen bagly wezipeler

11-06-2023 / 7

XX asyryň ikinji ýarymyndan başlap bütin dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ýitileşmegi milli hem-de halkara derejesindäki çözgütleri talap edip, bu meseleleriň çözülmeginde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy.

Geçen on ýyllyklaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri biziň häzirki we geljek nesillerimiziň ilatyň çendenaşa köpelmegi, ekişe ýaramly ekin meýdanlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, arassa agyz suwunyň we azyk önümleriniň ýetmezçiligi, tebigy baýlyklaryň aşa köp ulanylmagy, howanyň ählumumy üýtgemegi we beýleki meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini görkezdi.

1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda taryhda ilkinji gezek daşky gurşawyň meselelerine bagyşlanan ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahat daşky gurşawyň meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi we olaryň oňyn çözülmeginiň diňe ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy arkaly mümkin boljakdygyny subut etdi. Daşky gurşaw boýunça birinji ählumumy maslahatda döwletler daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň ählumumy meselelerdigi babatda ylalaşdylar. Şunlukda, 1972-nji ýyldan başlap ekologiýa diplomatiýasy diýen düşünje peýda boldy. Häzir ekologiýa meseleleri milli we halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibiniň iň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. BMG-niň daşky gurşaw boýunça ählumumy maslahaty ekologiýa diplomatiýasynyň kemala gelmeginde we bu ugur boýunça alnyp barlan işleri işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistan adamzada howp salýan global wehimleriň we howplaryň arasynda daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleriň öňüni almaga aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde ekologiýa meselelerine çözgüt tapmak maksady bilen daşary syýasatda ekologiýa diplomatiýasy ugry kemala geldi. Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde dünýäde bar bolan derwaýys meseleleriň çözülmegine jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde görkezýär we bu wajyp ugra özüniň uly goşandyny goşýar.

Ýurdumyz BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulmak bilen, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş tagallalaryna mynasyp goşant goşup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki ýokary derejeli maslahatlaryň çäklerinde adamzadyň ýagty geljegi üçin anyk başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar babatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak we beýleki umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlar bar.

Suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek, ilata ekologiýa bilimini bermek we beýlekiler boýunça uly işler alnyp barylýar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde ekologiýa sapaklarynyň aýratyn ders hökmünde okuw maksatnamasyna girizilmegi hem bu ugurdaky anyk işleriň mysalydyr.

Şyhnazar MÄTÝAZOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu