Žurnalistiň sahypasy

TÜRKMENISTAN — WENGRIÝA: gatnaşyklaryň täze badalgasy

10-06-2023 / 14

Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup durýar. Wengriýa Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berýär we mundan beýläk-de ýurdumyza halkara giňişlikde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan goldaw berer.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar. Bu babatda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy möhüm baglanyşdyryjy ýagdaýy emele getirýär. Biziň taryhy şahsyýetlerimiziň işi ýene-de bir birleşdiriji ugur bolup durýar. Şol şahsyýetleriň hatarynda ajaýyp wenger alymy we syýahatçysy Arminiý Wamberi bar. Onuň 190 ýyllygy 2022-nji ýylda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giňden bellenilip geçildi. 1864-nji ýylda çap edilen “Merkezi Aziýa boýunça syýahat” atly işinde onuň türkmen halkynyň beýik ogly, şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada gürrüň berendigi bellärliklidir.

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasyndaky gepleşikler geçirildi. Premýer-ministr Wiktor Orban ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar meselesine degip geçip, öz ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandyklaryna örän şatdyklaryny belledi. Şunda Wengriýanyň bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletiň Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde wenger dilini öwretmek hem-de özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky tekliplerine ýokary baha berdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban geçirilen gepleşikleriň üstünlikli bolandygyny nygtap, hormatly Prezidentimize Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam eder.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkezi bilen Budapeşt paýtagt şäher hökümetiniň diwanynyň Metrologiýa we tehniki gözegçilik müdiriýetiniň arasynda metrologiýa babatda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Wengriýanyň Içeri işler ministrliginiň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda “Stipendium Hungaricum” maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Syýahatçylyk agentliginiň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýalar ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ýyl geçdigiçe barha berkäp, röwşen geljegi nazarlaýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä syýasy ummanynda dogry ýol bilen ösüşiň hem bagtyýarlygyň ýolunda ynamly öňe barýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Muhammetmyrat BEŞEROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu