Žurnalistiň sahypasy

Söýgüli ulagymyzyň şöhraty artýar

10-06-2023 / 10

Welosiped sporty sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolmak bilen, ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan, ony ulag serişdesi hökmünde peýdalanýan adamlaryň sany yzygiderli artýar.

Metbugat habarlarynda aýdylyşy ýaly, welosiped sportunyň taryhy XIX asyryň ikinji ýarymynda Fransiýada geçirilen ilkinji iri sport ýaryşlaryndan başlanýar. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Ýurdumyzda hem welosiped sportunyň uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Şondan bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda täze ösüşe eýe boldy.

Welosiped bilen meşgullanýanlaryň sany dünýä görkezijilerinde hem yzygiderli artýar. Dünýä döwletlerinde sportuň bu görnüşi boýunça iri ýaryşlar, uly ýörişler, çempionatlar geçirilýär. Bu babatda Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) hem hereket edýändigini bellemek gerek. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň söýgüli ulagy bolan welosipediň geljeginiň has parlakdygyny äşgär edýär.

Hezret ÖWEZGELDIÝEW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu