Žurnalistiň sahypasy

Türkmen-wenger gatnaşyklary täze sepgitlerde

10-06-2023 / 7

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iki günlük resmi sapary bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbany kabul etdi we ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanynyň özara gyzyklanýan ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Şeýle hem taraplar energiýa, ulag, derman serişdeleri, dokma senagaty, maýa goýum, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns çekildi. Türkmen-wenger gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň içinde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen Wengriýanyň birnäçe ýokary okuw jaýynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk boýunça we beýleki birnäçe döwlet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça resminamalry belläp geçmek bolar.

Türkmen-wenger gatnaşyklary öz gözbaşyny has gadymy döwürden alyp gaýdýar. Iki halkyň arasynda gatnaşyklar esasanda, orta asyrlarda meşhur Büýik ýüpek ýolunyň üsti bilen has-da ösüpdir. Türkmen ýerlerinden giden söwdagärler kerwen ýollary arkaly Ýewropa, şol sanda wenger ýerlerine hem gidip öz harytlaryny satypdyrlar Bu iki doganlyk halkyň taryhynyň, medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň arasynda baglanyşygyň bardygyna şaýatlyk edýär. Baky bitarap Türkmenistan garaşsyz bolandan soň, bu taryhy gatnaşyklarda täze sahypa açyldy. Mälim bolşy ýaly, Wengriýa Respublikasy bilen ýurdumyzyň arasynda 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulypdy. Bu bolsa türkmen-wenger gatnaşyklaryny ykdysady, medeni we ylym-bilim ugurlarynda has-da ösdürmäge uly ýardam etdi.

Häzirki döwürde ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we söwda-ykdysady ugurlarda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolmak bilen Wengriýa Respublikasy halkara derejesinde Türkmenistanyň energetika, ulag we ekologiýa howpsuzlygy baradaky halkara başlangyçlaryny işjeň goldap çykyş edýär. Türkmenistan Wengriýa bilen özara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, däp bolan syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, daşary syýasat edaralarynyň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmegiň ähmiýeti uludyr.

Kerim BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu