Žurnalistiň sahypasy

Ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak — döwrüň talaby

09-06-2023 / 9

«Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul edilen maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidir. Sebäbi, bu diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem, häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýar».

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we edara kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizi köpugurly ýol bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda halk hojalyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn özgermeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak hem-de sanly maglumat-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmek babatynda alnyp barylýan işler bu günki gün özüniň oňyn netijesini berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň döwrebap bilim almagy hem-de geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ykdysadyýeti has öňe ilerletmäge, ykdysady maglumatlary seljermäge, şeýle-de bu ugurlary kesgitläp biljek ýokary bilimli, işine ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin talyplara bu ugurda bilim bermek döwrüň talaby bolup durýar.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýalary we milli ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti getirmek meselelerini öz içine alýan kadalaşdyryjy hukuk namalarydyr. Göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek hem-de yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça işleri yzygiderli alyp barmak, ilkinji nobatda, orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda okadylýan sapaklardan, berilýän bilimlerden gözbaş alyp gaýdýar.

Häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň milli ykdysadyýetimizde has içgin ornaşdyrylýan döwründe kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady ösüşiniň we ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyny üpjün edýär. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi we kämilleşdirilişi günsaýyn belent sepgitlere ýetýär. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem-de importy azaltmaga, ýerli çig-mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüşleri nazarlaýan ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna we olaryň halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Goý, döwletli döwranymyzda ýaşlar barada atalyk aladasyny edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Yslam DURDYMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu