Žurnalistiň sahypasy

Ekologiýa abadançylygy – ömre dowamat

06-06-2023 / 10

Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bularyň ählisi döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň berkemeginde, ömür dowamlylygynyň uzamagynda örän uly ähmiýete eýedir.

Ynsanlaryň sagdynlygy we ruhubelentligi şu günüň hem-de geljegiň arassa howa şertlerine, daşky gurşawyň durnukly ýagdaýynyň saklanmagyna, tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna aýratyn talaplary bildirýär. Şu nukdaýnazardan, adamzadyň röwşen geljeginiň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin uzak möhletleýin halkara we milli ekologiýa çäreleri meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde BMG-niň tebigaty goramak baradaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulýan ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara ýörelgeler we milli gymmatlyklar esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär.

BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda Biologik köpdürlülik hakynda, Ozon gatlagyny goramak hakynda, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, Suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar Konwensiýasyny, Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri tassyklamak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär.

Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini netijeli çözmegiň başyny başlaýjy bolup durýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy ýerine ýetirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak baradaky taýsyz tagallalary «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýlen ynsanperwer ýörelgäniň amal bolmasyny aňladýar. Kämil jemgyýet, abadan durmuş bolsa, köp babatda, ekologiýa howpsuzlygyna baglydyr.

Arzuw SATLYKOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu