Žurnalistiň sahypasy

Şadyýan tomusa joşgunly gadam

05-06-2023 / 78

Güneşli tomus paslynyň gelmegi bilen, mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümine çykýarlar. Bu döwürde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleri üçin bolsa tomus sagaldyş möwsüminiň taplama çäreleri, gyzyklanma we göwnaçmalary ýaýbaňlandyrylýar. Bagtyýar nesillerimiziň kadaly we sazlaşykly irki ösüşini üpjün etmek, şadyýan tomsuň ruhubelentligini dabaralandyrmak, baý mazmunly çäreler arkaly ajaýyp dynç alyşy guramak, bu möwsümde çagalar baglarynyň esasy wezipesi bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan hem, ýakynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp tomsunyň ýatdagalyjy wakalaryna ýokary derejede girişmek maksady bilen, Mary şäherindäki onlarça çagalar baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda biziň 21-nji çagalar bakja-bagymyzda aýdym-sazly çäre  geçirildi. «Biz Watanyň balasy — saýrak dilli lälesi» atly dabara ilkinji tomus pursatlaryndan başlap, bagtyýar körpelerde bu möwsüme we onuň günlerinde guraljak wakalara gatnaşmaga  uly höwes döretdi.

Mary welaýat Baş bilim müdirligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan guralan bu çäre aýdym-sazlara, çagalaryň şowhunly çykyşlaryna, gutlag sözlerine beslendi. Körpeleriň medeni çykyşlaryna ýaşajyk tansçylaryň, körpeje wäşileriň ýerine ýetirijiligi oňa gatnaşanlara şahandazlyk ruhuny bagyşlady. Ýaşlar guramasynyň körpe nesillere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmagy bolsa zehinli çagalarymyzy has-da yhlasly öwrenmäge, mynasyp dynç almaga höweslendirdi.

Elbetde, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda körpe nesiller hakyndaky aladalar hemişe üns merkezinde saklanýar. Türkmenistan bagtyýar çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hasaplanylýar. Bagtyýar nesilleriň gülki sesleri parahatçylygyň, abadan durmuşyň we altyn geljegiň alamaty bolup durýar. Şoňa görä-de, nesil terbiýesi we olaryň sagdyn ösüşi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan ajaýyp mümkinçilikleri Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr» diýen sözleri bolsa ýurdumyzyň körpe nesline aýratyn sarpa hem-de alada bilen garalýandygyny görkezýär.

Döwrümiziň şu buýsançly hakykaty bolsa çagalar bagymyzda geçirilen baýramçylyk ruhly dabaranyň keşbinde hem aýdyň şöhlelendi. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler we bagtyýar durmuş üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar bolsa tutuş halkymyzyň, şol sanda bagtyýar çagalaryň kalbyndan hem uly joşgun bilen zybana gelýär.

Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary şäherindäki 21-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu