Žurnalistiň sahypasy

Halkara güwanamalar – durnukly ösüşe binýat

05-06-2023 / 10

Bilşimiz ýaly, 1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Hanym Helga Şmid hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.

Ekologik abadançylyk baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Arkadag şäheriniň gurluşygynda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň talaplaryndan ugur alnandygyny bellemelidiris. Bu ýerde «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýokary netijesini görmek bolýar. Onuň esasy ugurlarynyň biri bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr.

Ekologik çäreler — sagdyn durmuşyň girewi. ÝHHG-niň halkara güwänamasyna eýe bolan Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň alnyp barylýan döwründen bäri iri ekologik çäreleriň geçirilendigini hem ýatlamak ýerliklidir. Bu ýerde ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde müňlerçe bag nahallary oturdyldy. Geçen ýylda oba hojalyk pudagynyň hünärmenleriniň, şeýle hem Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçiniň gatnaşmagynda bu döwrebap şäheriň golaýynda açyk asmanyň astynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy guramaçylykly geçirildi.

Ýurdumyzyň, şonuň ýaly-da, dünýäniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde, daşky gurşawyň goraglylygyny ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalar edýän, netijede, ynsan saglygyny baş wezipä öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolup, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!

Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu