
ÝUNESKO-nyň medeni mirasy goramaga, taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamaga we tebigy täsinlikleri dünýä ýaýmaga esaslanýan maksady Türkmenistanyň syýasy strategiki ýörelgeleri bilen kybapdaşdyr. Hut şonuň üçin hem bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletimiziň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.
Bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, halkara guramalary bilen gatnaşygy has-da berkitmek boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny açmak baradaky teklibiň goldanylmagy, bu ugurda oňyn işleriň alnyp barylmagy bizi diýseň begendirdi. Şolaryň hatarynda ýakynda, has takygy, şu ýylyň 11-nji martynda biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem tassyklanan meýilnamalar esasynda guramaçylyk işleri yzygiderli geçirildi. Netijede, institutda ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly klubuň dabaraly açylmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Açylyş dabarasyna gatnaşan hormatly myhmanlar milli gymmatlyklarymyz hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna 2022-nji ýylda girizilen «Türkmen keşdeçilik sungaty», 2021-nji ýylda girizilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we dessançylyk sungaty» bilen baglanyşykly guralan sergä aýlanyp gördüler. Dabara gatnaşyjylar Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi» aýdym we tans dessury esasynda taýýarlanylan aýdym-sazly edebi-çeper kompozisiýa tomaşa etdiler.
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri — geçmişimiziň baý taryhy hakydasyny halkymyza we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu maksatlary amala aşyrmakda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyklary ýakyndan ýardam edýär.
Sona ARAZGELDIÝEWA,
TOHI-niň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 3-nji ýyl talyby.



