Žurnalistiň sahypasy

Bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

04-06-2023 / 10

Okgunly öňe barýan ata Watanymyzda durmuş-syýasy ugurlaryň ählisi bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky belent ösüşler hem guwandyryjydyr. Ýaş nesliň bilim-terbiýesiniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir» diýip, ýaş nesle berilýän bilimiň derejesini, hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär, jemgyýetimiziň ähli wekillerini, ilkinji nobatda ýaşlary häzirki zaman ylymlaryny öwrenmeklige, ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge çagyrýar. Hususan-da, döwletimiziň berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ýaşlara möhüm orun berilýär. Sebäbi ýurdumyzyň şu güni we ýagty geljegi köp babatda ýaşlaryň bilim derejesine baglydyr.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatnamasynyň baplarynyň biri «Hemmeleriň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek we olara bütin ömrüniň dowamynda okamaga mümkinçilik döretmek» diýlip atlandyrylýar. Bilim, okuw meselesinde türkmen ýaşlary dünýäniň iň bagtly ýaşlarynyň hatarynda diýip, gypynçsyz aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen olaryň bilimiň we ylymlaryň çuňluklaryna aralaşmagy üçin ähli şertler döredildi. Iň aýgytly we netijeli ädim bolsa Türkmenistandaky bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykmagydyr. Munda bilim boýunça halkara hyzmatdaşlyklaryň uly paýy bar.

«Halkara derejede» diýlende, hyýalyňda, ilki bilen, dünýä dilleri boýunça sowatlylyk janlanýar. Ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmek işi giňden ýola goýuldy. Welaýatymyzda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty we  daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 22-si bar. Olarda iňlis, rus dillerinden daşary hem, hytaý, arap, pars, ýapon, nemes, fransuz dilleri ýaly dünýä dilleri öwredilýär. Türkmen ýaşlarynyň dil binýadynyň eýýäm çagalar baglarynda we orta, ýokary  okuw mekdeplerde berk tutulmagy, olaryň geljegi üçin örän ähmiýetlidir. Bu gün uçursyz zehini we dil başarnygy bilen özüni halkara derejelerinde ykrar etdirip ýören türkmenistanly ýaşlar barmak büküp sanardan juda kän. Bu gün türkmen ýaşlary dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň we ylmy ojaklarynyň talyplary, aspirantlary we uçurymlary boldular.

Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly bilim we ylym merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şol döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artdyrylmagyny gazandy, halkara ylmy barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara alyşmalara hem-de akademiki maglumat ulgamyny ösdürmäge gatnaşmagynyň çägini giňeltdi.

Ziba JORAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu