Žurnalistiň sahypasy

Türkmen welosporty şöhratlanýar

02-06-2023 / 6

Sportuň welosiped görnüşi bilen meşgullanmak adamyň gan aýlanyşygynyň we öýkende amala aşýan dem alyş hadysasynyň gowulanmagyna, dürli keselleriň döremek howpunyň azalmagyna getirýär.

Taryha ýüzlensek, ilkinji welosiped bäsleşigi 1868-nji ýylyň 31-nji maýynda Parižde geçirilipdir. Şonda angliýaly Jeýms Mur özüniň agaçdan ýasan welosipedi bilen 1200 metr aralygy hemmelerden öň geçip ýeňiji bolupdyr. Onuň şol welosipedi häzir hem Angliýanyň Kembrijşaýr şäherindäki muzeýde saklanýar. Welosiped sporty 1896-njy ýyldan bäri tomusky Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna alnan 5 görnüşiniň biridir. 1990-nji ýylyň 14-nji aprelinde Belgiýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň hem-de Italiýanyň gatnaşmagynda Halkara welosipedçiler birleşigi (HWB) döredilýär. Halkara welosport ýaryşlary bolsa ady agzalan guramanyň guramaçylygynda geçirilýär. HWB-niň merkezi edarasy Şweýsariýanyň Egl şäheri bolup, 172 döwlet onuň agzasydyr.

Biziň ýurdumyzda hem welosiped sportyny ösdürmek ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredilýär. Onuň ilkinji ýaryşy 1895-nji ýylda geçirilýär. Ýeri gelende nygtasak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen degişli Kararnama kabul edilip, Bütindünýä welosiped güni döredildi. Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilip, olaryň arasynda welotrek hem bar. Her ýylyň 3-nji iýunynda “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde ir bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler guralýar. Bularyň ählisi bolsa, ýurdumyzyň sport diplomatiýasynda amala aşyrylýan halkara başlangyçlarynyň wysal bolýan beýanydyr.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu