
Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. 3-nji iýunda hem ýurdumyzda we halkara derejesinde Bütindünýä welosiped güni bellenilýär. Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti we başga-da halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.
Welosiped sporty bütin dünýäde giňden ýaýran, olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň has meşhur görnüşleriniň biridir. Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda geçirilen ilkinji iri ýaryşlardan başlanýar. Türkmenistanda hem bu sportuň köpýyllyk taryhy bar. Welosportuň taryhy öz gözbaşyny 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden alyp gaýdýar. Bu jemgyýetiň döredilenden bir ýyl geçen soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen welosport üstünlikli ösdürilýär. 2019-njy ýylda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçileriň gatnaşmagynda “Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörüş” geçirilip, ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilipdi. 2020-nji ýylda bolsa Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýan “Welosiped” binasy açyldy. Bu bina Ýer togalagynyň şekilinde bolup, ol türkmen halkynyň, tutuş adamzadyň taryhynda öçmejek yz goýandygyny alamatlandyrýar.
Sport bilen meşgullanmagyň bedeni berkidýändigi hemmämize mälimdir. Şolaryň biri — welosipedli gezelenç etmek saglygymyz üçin peýdalydyr.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatanşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetinň 4-nji ýyl talyby.



