Žurnalistiň sahypasy

Netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

30-05-2023 / 9

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlygy netijeli häsiýete eýe bolup, özara ynanyşmak, umumy abadançylyk bähbitlerine esaslanýar.

Bu abraýly guramanyň Baş Sekretary Helga Mariýa Şmidiň Aşgabada sapary hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek subut eder.

Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge anyk goşandyny goşýar. Bu babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidir.

Bilşimiz ýaly, ýakynda Aşgabatda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Geçirilýän duşuşyklarda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlyga, giň demokratik özgertmeler ugruna ýokary baha berlip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljekde-de türkmen tarapyna milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, umumy parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, 1990-njy ýylda ÝHHG-niň Pariž sammitinde döredilen Parlament Assambleýasynyň işi gurama gatnaşyjy döwletlerde hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak üçin parlamentara dialogyň giňeldilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ÝHHG-niň bu geňeş edarasynyň düzümine gurama gatnaşyjy döwletleriň 57-sinden parlamentarileriň 300-den gowragy girýär. Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýylda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy boldy we şondan bäri hem onuň işine işjeň gatnaşýar.

Röwşen MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu