
Ruhy we edebi gymmatlyklar barada aýdylanda ylym-bilim öwretmek, nesil terbiýesi meselesine gönüden-göni degişli bolan edebi mirasymyz hakynda aýdan XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen edebiýatynyň söz ussady Magtymguly ýaly Hakdan içen zehinli şahyry terbiýelän, okadan dana-halypa, pedagog Döwletmämmet Azadynyň — Garry mollanyň döredijiligi nusga alarlykly edebi-pedagogik ähmiýetli çeşme bolup durýar.
Döwletmämmet Azady öz döwrüniň sowatly, bilimli adamy bolupdyr. Onuň ajaýyp “Wagzy-Azat” kitaby tutuşlygyna il-günüň özbaşdak, parahat döwlet barada arzuw-hyýallarynyň esasynda, halk döredijiliginden, durmuşy wakalardan ýerlikli peýdalanylyp döredilen terbiýeçilik ähmiýetli didaktiki eserdir. “Wagzy-Azat” kitaby çuň we köptaraply jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlar bilen bir hatarda, Watansöýüji, zähmetsöýer, aň-düşünjeli ýaşlary kemala getirmek, olara ylym-bilim, edep-terbiýe, hünär öwretmek dogrusyndaky pedagogiki häsiýetli çeşmedir.
Şahyryň bu kitabynda ösüp gelýän ýaş nesliň Watançy, kämil, berk bedenli, edep-ekramly, zähmetsöýer şahsyýet bolup ýetişmeginde ata-enäniň we ulularyň göreldesi, olaryň borç wezipeleri barada pikir ýöredilýär, degişli ýol ýörelgeler, maslahatlar beýan edilýär.
Kitapda sowat-bilim öwredýän halypa-mugallymlar we alymlar dogrusynda hem giňişleýin beýan edilýär. Şahyr öz öwüt-ündewlerini pikirini beýan etmekde halk pähimlerinden, rowaýatlaryndan, nakyllardyr atalar sözlerinden ýerlikli peýdalanypdyr. Watany söýmek, ylym-bilim almak, hünär öwrenmek hakynda il-halkyň içinde ýörgünli nakyllary: “Okadym diýme, bildim diý”, “Bir okana bar, bir-de – dokana”. Umuman, türkmen halky özüniň geçmiş taryhynda-da, şu günki günde-de ylymly, bilimli, hünärmen adamlara sarpa goýmagy başarýar.
Döwletmämmet Azadynyň pikirine görä her bir çylşyrymly meseläni oňaýly, netijeli çözmek üçin, oňa oýlanyşykly çemeleşip şu üç zadyň – ylmyň, ylmy esasda işlemegiň we yhlasyň gerekdigini nygtaýar.
Döwlet RÜSTEMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.



