Sagdyn durmuş

Tans sungaty: sport we sagdynlyk

31-05-2023 / 10

Tanslar fiziki hereketlerden başlanyp, ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan sungatdyr. Tanslar sportuň ähli görnişine mahsus fiziki güýç, deňagramly hereket, çydamlylyk, tertip-düzgün hem-de toparlaýyn düzüm häsiýetlerine eýedir. Tans sportunyň üsti bilen dürli halklaryň medeniýeti bilen tanyşmak bolýar. Tanslaryň her bir hereketleriniň aňyrsynda irginsiz fiziki we psihiki zähmet hereketleriniň üstündäki dowamly türgenleşikler ýatyr.

Tans bilen meşgullanmak adam saglygyna, bedeniniň ösüşine uly täsir edýär. Tans oňurga sünkleriniň dogry ösüşine ýardam edip, bedeniň umumy fiziki ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Sport tanslarynyň esasy aýratynlygy hem güýçli fiziki agram salmaýanlygy üçin islendik ýaşdaky adamlara meşgullanmak bolýanlygydyr. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, tanslar ömür dowamlylygyny uzaldýar.

Tanslar çagalara terbiýe bermekde ähmiýetli bolup, ahlak häsiýetleri kemala getirýär. Çagalarda etiki, estetiki terbiýäni, adamlara bolan gatnaşygy ösdürýär hem-de däp-dessura bolan söýgini taplaýar, oňyn adamkärçilik sypatlary, jemgyýet bilen aragatnaşykda ýaşamagy terbiýeleýär. Çaganyň döredijilik ukyplaryny, bilesigelijiligini ösdürip, olary maksada okgunlylyga gönükdirýär. Umuman alanymyzda, tans bilen meşgullanmak beden üçin lukmançylyk hem-de bedenterbiýe sport nukdaýnazaryndan has peýdalydyr.

Küştdepdi tansy Türkmenistanda uly dabara bilen bellenilýän toý-baýramlaryň bezegine öwrüldi. Türkmen milli tanslary Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýrap, olaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary her welaýatda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sahnada ýaş oglan-gyzlaryň ýa-da körpe çagalaryň owadan hereketler bilen ajaýyp sazlaryň astynda, milli lybaslarymyzda ýerine ýetirýän tanslaryny synlanyňda göwnüň göterilýär. Tans sungaty diňe bir beden saglygyna däl, ruhy saglygy-da uly täsir edýär.

Tans sungaty köp asyrlyk we häzirki zaman dessurlarynyň berk düzgünlerini, şol sanda ruhy mirasyň baý dessurlaryny özünde jemleýär. Milli tanslar Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýrap, ýurduň dürli sebitlerinde ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna eýe bolýar.

Aýlar ALLAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu