
Edermen gallaçylarymyz şu ýylyň 26-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip aýdan sözlerinden ruhlanyp, oraga başlarlar. Mälim bolşy ýaly, şu mejlisde hormatly Prezidentimiz Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Ýurdumyzyň ekerançylyk ulgamynda gallaçylygyň orny ullakandyr. Sebäbi galla her bir halkyň azyk üpjünçiligini hasyl edýär. Atalarymyz «Gallam bar — tyllam bar», «Gallalyda gam bolmaz» ýaly paýhasly sözlere esaslanyp, bugdaýyň bol hasylyny kemala getiripdirler. Şeýle tejribeler, iş düzgünleri häzirki döwürlerde hem dowam etdirilýär.
Edermen gallaçylarymyzyň gaýratly zähmeti bilen saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan dänäniň hasyllylygy yzygiderli artdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis» diýşi ýaly, ýurdumyz ýokary tehnologiýalar mekanyna öwrülýär. Daşary ýurtlaryň ýokary derejeli önüm öndürýän tehnikalary ähli ulgamlara doly ornaşdyrylýar. Bu galla ýygnamak, daşamak, una öwürmek babatda hem hut şeýledir.
Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ak bugdaýyň müňlerçe gektary ösdürilip ýetişdirildi. Guşgursak dänäniň bol hasyly kemala getirildi.
Magsat RAZAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň hasapçysy.



