Žurnalistiň sahypasy

ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

31-05-2023 / 7

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerip, abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlygy netijeli häsiýete eýe bolup, özara ynanyşmak, umumy abadançylyk bähbitlerine esaslanýar. Bu abraýly guramanyň Baş Sekretary hanym Helga Mariýa Şmidiň Aşgabada boljak sapary hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek subut etdi.

Ýurdumyz döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň hem-de oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge anyk goşandyny goşýar. Bu babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygyna möhüm orun degişlidir.

Bilşimiz ýaly, ýakynda Aşgabatda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Geçirilýän duşuşyklarda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlyga, giň demokratik özgertmeler ugruna ýokary baha berlip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljekde-de türkmen tarapyna milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, umumy parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, 1990-njy ýylda ÝHHG-niň Pariž sammitinde döredilen Parlament Assambleýasynyň işi gurama gatnaşyjy döwletlerde hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak üçin parlamentara dialogyň giňeldilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ÝHHG-niň bu geňeş edarasynyň düzümine gurama gatnaşyjy döwletleriň 57-sinden parlamentarileriň 300-den gowragy girýär. Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýylda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy boldy we şondan bäri hem onuň işine işjeň gatnaşýar. Uly tejribesi bolan bu düzüm gyzyklanma bildirýän döwletleriň saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegine we kanun çykaryjy edaralaryň işine ýardam berýär.

Şeýle-de sebitde gapma-garşylyklaryň irki döwürde öňüni almak we gapma-garşylyklardan soňky döwürde täzeden dikeltmek boýunça gurallary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek Parlament Assambleýasynyň alyp barýan işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu maksatlary gazanmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy dürli gurallary, şol sanda netijeleýin Jarnamalary, her ýyl geçirilýän sessiýada kabul edilýän Kararnamalary we maslahatlary ulanýar.

Abdyresul NURBERDIÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu