Žurnalistiň sahypasy

Bilim – döwletliligiň gözbaşy

30-05-2023 / 10

Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Milli terbiýede ýaşlaryň bilimli bolmagyny gazanmak bilen baglanyşykly birnäçe pähimler, nakyllar bar.

Türkmen halky ýedi hazynanyň birini hem hut ylym-bilim bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime nähili garaýandygyny görkezýän hakykatdyr. Ata-babalarymyz ylym-bilimi ösüşleriň, berekediň çeşmesi hökmünde görüpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda hem ylym hakynda çuňňur manyly pikirler beýan edilýär. Munuň özi ylymly bolmagyň türkmen halkynyň iň bir asylly ýörelgesidigini aňladýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda ylym-bilimiň häzirki ösüşleri barada şeýle beýan edilýär: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris. Ýurdumyzyň geljegi adamlardadyr, olaryň döredijilik ukybyndadyr diýmek bilen, biz ylym-bilim ulgamyndaky netijeli işiň derwaýysdygyny nazara alýarys. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, onda ylym-bilimiň döwrebap ösüşi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir”.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby özüne hemra edinen her bir ynsan durmuşda dogry ýoly tapýar. Çünki bu ajaýyp kitapda durmuş ýörelgeleri degişli tymsallaryň, pähimleriň üsti bilen anyk salgy berilýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň sagdyn nesil terbiýesindäki ähmiýeti örän uludyr. Ol mugallymlar, talyplar, okuwçylar üçin iň gymmatly gollanmadyr. 

Meýlis ÇERKEZOW,
Halaç etrap bilim bölüminiň buhgalteri, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu